RESMI HABAR

Berkarar döwletiňtäze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagyny ösdürmek, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak    hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyňgurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyňiýul aýynda başlamak we awtomobil köprüsini hem-de onuňeltiji ýollaryny 2024-nji ýylyňiýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

(TDH)

 

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Islandiýanyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Islandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

(TDH)

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2022 | 47 okalan

RESMI HABARLAR

01 Iýul 2022 | 42 okalan

ARKADAGDAN TOÝ PAÝY