7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Aşgabat” köpugurly stadionynda beden maşklaryny ýerine ýetirmek çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatynda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bedenterbiýäni we sporty döwlet derejesinde goldamak we ösdürmek ugrunda taryhy işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän bu taryhy işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Milli türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynda üstünlikler gazanyp, ýokary derejelere eýe bolýarlar.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesillerini watansöýüjilige, ynsanperwerlige, zähmetsöýerlige, maksadaokgunlylyga, belent ahlaklylyga gönükdirmäge niýetlenendir. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli hem-de yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige ýetmek ýurdumyzyň her bir raýatynyň baş maksady bolmalydyr.
Şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.