“WATAN GORAGY – MUKADDES BORÇ”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň gurnamaklarynda Harby institutynyň medeniýet öýünde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň goragynda durýan harby gullukçylarymyzyň päk zähmetiniň hormatyna bellenilip geçilýän Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Watan goragy – mukaddes borç” atly aýdym-sazly  dabarasy geçirildi. Bu çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimize, köňül beren hünärine wepaly, ruhubelent we merdana Watan goragçylaryny, ussat, ýokary derejede kämil, hakyky watansöýüji, gahryman pederlerimiziň asylly däplerini mynasyp dowam etdiriji, beden taýdan güýçli we sowatly ýaş harby hünärmenleri ýetişdirmekde, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik  hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde görelde görkezenlikleri üçin Harby institutynyň birnäçe talyplaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan sowgatlar hem-de hormat hatlary gowşuryldy. Soňra bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň taýýarlamagynda aýdym sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Gurbannazar ÖWEZOW,

TMÝG-iň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Maý 2022 | 137 okalan

«Bagtyýar nesiller – Watan guwanjy»

26 Aprel 2022 | 416 okalan

ÝAŞLARYŇ SUNGATYNA HORMAT