MILLILIK – TERBIÝÄNIŇ GÖNEZLIGI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenhaly döwlet birleşigi tarapyndan paýtagtymyzyň 4-nji we 29-njy orta mekdeplerinde ýaşlarymyzyň döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly we ýokary medeniýetli, zähmetsöýer, watansöýüji, milli mirasymyza sarpa goýýan, döredijilikli zähmet çekmäge ukyply kämil nesli kemala getirmek, okuwçy gyzlarda türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olaryň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň nusgalaryny, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek we okuwçy gyzlary milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek bilen meşgullanmaklyga işjeň çekmek maksady bilen orta mekdeplerinde hereket edýän gurnaklarda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşmak maksady bilen döredijilik duşuşyklary gurnaldy.

Geçirilýän şeýle duşuşyklar mekdep okuwçylarynyň medeni gymmatlyklarymyza, milli mirasymyza we milli el işlerine bolan söýgüsini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle beýik işler üçin döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar ýurdumyzda adam hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjülikli umumadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmak, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan, milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy döwrebap ösdürmäge giň ýol açýan mähriban Prezidentimize alkyşly sözleri beýan etdiler.

 

 

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Maý 2022 | 137 okalan

«Bagtyýar nesiller – Watan guwanjy»

26 Aprel 2022 | 416 okalan

ÝAŞLARYŇ SUNGATYNA HORMAT