“Jan Watanym Türkmenistan!”

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň,  ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, hormatly il ýaşulylarynyň hem-de medeniýet-sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan, ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan” atly maslahat duşuşygy geçirildi.  Bu maslahat Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Jan Watanym Türkmenistan!” atly täze ajaýyp goşgusyna bagyşlandy. Geçirilen bu maslahatda çykyş edenler “Jan Watanym Türkmenistan!” atly täze goşgynyň çuň manysy, ýürekden çykyp ýürege barşy hakynda, täsirli goşgynyň ynsanyň watansöýüjilik duýgusyny örboýuna galdyrýandygy dogrusynda jaýdar belläp geçdiler. Döwletimiziň ynsanperwer, parahatsöýüjilik ýörelgesi içinden eriş-argaç bolup geçen bu ajaýyp goşgy watandaşlarymyza ýatdan çykmajak täze ýyl sowgady boldy. Maslahatyň barşynda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gysga wagtyň içinde ýetilen sepgitler, gazanylan zähmet üstünlikleri, raýatlarymyz üçin edilýän irginsiz aladalaryň netijesi özüniň mynasyp beýanyny tapdy. Şeýle-de maslahata gatnaşan medeniýet-sungat ussatlarynyň ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, ýerine ýetiren edebi sazly kompozisiýa çykyşlary maslahatyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Meňzeş habarlar

07 Ýanwar 2022 | 121 okalan

Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy

03 Ýanwar 2022 | 212 okalan

“Jan Watanym Türkmenistan!”