GÄMIDÄKI JEDEL

Gämileriň birine ýolagçy hökmünde dilçi alymam münýär. Alym heniz gämä münüp-münmänkä, kapitandan dil biliminden başynyň çykyp-çykmaýanlygyny soraýar.

– Dil bilimi baradaky kitaplary okamadym, bu ylmyň syrlaryndan hem başym çykanok – diýip kapitan jogap berýär.

– Gowy däl – diýip, alym aýdýar.

– Siz ömrüňiziň deň ýaryny boş geçirdim diýip, hasap edäýiň.

Gämi ýüzüşini dowam etdirýär, birdenem apy-tupana sezewar bolýar.

– Görýän welin, gämimiziň ömri paýawlady – diýip kapitan janygypdyr.

– Eýsem, siz ýüzmegi öwrenipdiňizmi, eý paýhasly adam?

– Hiç haçan. Çünki bu hünär maňa laýyk däl – diýip, alym jogap beripdir.

– Onda sen ömrüň ýaryny däl-de, baryny boş geçirdim diýip hasap edäý – diýip, kapitan sözüni jemläpdir.

Ýigide müň dürli hünär hem az.

Meňzeş habarlar

27 Noýabr 2025 | 169 okalan

TÜRKMEN MILLI NAGYŞLARY

20 Noýabr 2025 | 683 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 473 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY