Parahatçylyk türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda dörän taryhy hakydasydyr. Parahatçylyk dünýä ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň hem-de ösüşiniň möhüm ýörelgesine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi bütin dünýäde ykrar edilýär. Biz muny dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýan beýik başlangyçlarda görýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, şeýle-de ýurdumyzyň öňe sürmeginde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýurdumyz Bitaraplyk ýörelgesine eýerip, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine öz goşandyny goşýar. Dünýäniň öňdebaryjy guramalarynyň münberlerinde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň, bütin Ýer ýüzüniň döwletleriniň bähbitlerini, parahat durmuşyny üpjün etmek, halklarynyň abadan ýaşaýşyny gazanmak bilen bagly teklipleri öňe sürýär. Bitarap ýurdumyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan taryhy tejribesi häzirki zaman parahatçylyk döredijilik işlerinde möhümdir. Sebäbi eziz Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk diplomatiýasy häzirki döwrüň meselelerine düýpli düşünmekdir hem-de has kämil tejribä daýanyp çözmekdir.
Döwletimiziň beýleki ýurtlar bilen ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýulýar. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň köp sanly ýurtlary bilen taraplar üçin bähbitli bolan hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylykly syýasaty alyp barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde ýurdumyzyň mertebesi has-da belentde parlaýar. Bu bolsa türkmen halkynyň kalbynda belent buýsanç duýgusyny döredýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň habarçysy.












