Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň 5-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny gurmak ugrunda ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, mizemez türkmen döwletiniň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.