TÜRKMEN ALABAÝY – TÜRKMENIŇ MILLI BUÝSANJY

Düýn Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy milli gymmatlygymyzdyr» ady bilen sergi açyldy. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milli gymmatlyklarymyzy görkezýän nakgaş eserleri, heýkeller, küýzeler, haly önümleri segilendi.

Serginiň açylyşynda maslahat geçirilip, onda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Mämmedaly Orazaliýew dagy çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmekde, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedew atlarymyzyň, batyr alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamakda we şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Maslahatdan soňra bu ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Taryhy maglumatlara esaslanyp aýdylan çykyşlardan mälim bolşy ýaly, biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda Ahal welaýatynyň çägindäki gadymy Jeýtunda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli, äpet alabaýyň galyndylarynyň ýüze çykmagy, 6 müň ýyl mundan ozal hem gadymy ata-babalarymyzyň alabaýlary ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sözleri bilen aýtsak, türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biri bolmak bilen, merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Milli taryhy-medeni mirasymyz, buýsanjymyz bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Çykyş edenler, şeýle hem ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmegiň häzirki döwrümizde esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny, munuň üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsançly bellediler hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar