AK ALTYN HARMANYŇA BEREKET!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrabyň medeniýet bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde etrapda pagtaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen «Ak altyn harmanyňa bereket!» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirdi.

Oňa etrabyň pagtaçy kärendeçileri, kombaýnçylary hem-de awtoulag sürüjileri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet bölümi tarapyndan gurnalan sergide gelin-gyzlar türkmen topragyndan önen ak bugdaýlarymyzyň unundan milli-tagamlary taýýarlap halk köpçüligine hödür etdiler. Çäräniň ahyrynda öňdebaryjy kärendeçilere, kombaýnçylara we sürüjilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Oktýabr 2025 | 5 okalan

PARAHATÇYLYK – ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

21 Oktýabr 2025 | 8 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

17 Oktýabr 2025 | 200 okalan

BAKY BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ