MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

Häzirki wagtda parahatçylyk dünýäde öňe sürülýän esasy ýörelgeleriň biridir. Bu babatda ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty dünýä derejesinde giňden goldanylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýar. Halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleri, dost-doganlyk däpleri döwlet syýasatynyň esasyny emele getirýär. Bu gün Watanymyzda höküm sürýän asudalyk bolsa parahatçylyk mukamynyň dabaralanmasydyr.

Türkmenistan häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak köprüsini gurýan, hyzmatdaşlygyň ygtybarly merkezine öwrülen döwletdir. Ýurdumyzyň parahatçylyk mukamy dünýäniň dürli künjeklerinde dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk sazlaşygyny döredýär.

Parahatçylyk bar ýerinde döredijilik, ösüş, bagtyýar geljek bar. Şonuň üçin ýurdumyzyň ýaşlarynyň esasy wezipesi mähriban Watanymyzyň parahatçylyk däbini dowam etdirmekdir. Ýaş nesillerimiziň ylymda, sportda, döredijilikde gazanýan üstünlikleri hem hut şol asudalygyň miwesidir.

Eziz Diýarymyzda ýaňlanýan parahatçylyk mukamy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň arzuwlarynyň beýanydyr. Türkmenistan parahatçylygyň dabaralanýan mekanydyr, ony goramak we geljek nesillere ýetirmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Leýla AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2025 | 8 okalan

MÄHRIBAN WATANYMYŇ PARAHATÇYLYK MUKAMY

24 Sentýabr 2025 | 204 okalan

PARAHATÇYLYK — ÝAŞLARYŇ RÖWŞEN GELJEGI

22 Sentýabr 2025 | 187 okalan

TÜRKMENISTAN ÖSÜŞ WE ROWAÇLYK ÝOLUNDA