ÝAŞLAR — GELJEGI GURÝAR

Golaýda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de medeniýet öýüniň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýüniň kitaphanasynda maslahat duşuşygy geçirildi. Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, erkin we bagtyýar ýaşamagy ugrunda edilýän aladalary ýaşlaryň arasynda düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşyga etrabyň medeniýet öýüniň merkezi kitaphanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmenleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşykda kitaphananyň müdiri Selbinýaz Geldiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Çynar Hoşgeldiýewa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň işgäri Mahym Hojagulyýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalar, ýaşlary kitaphanalara çekmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Owadan ATDAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 94 okalan

ASUDALYK MEKANY — BAKY BAGTYŇ MUKAMY

09 Sentýabr 2025 | 100 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI