TURŞY, ÝÖNE PEÝDALY MIWE

Limon C witamine baý bolan sitrus miwesidir. Onuň watany Hindistan, Hytaý we Ýuwaş ummanynyň tropiki adalary hasaplanyp, taryhda limon diňe XII asyrda belli bolupdyr diýlip bellenip geçilýär. Şol bir wagtda limon araplar tarapyndan Ýakyn Gündogara, Demirgazyk Afrika, Ispaniýa we Italiýa getirilipdir.

Miwäni iki topara, ýagny agaç görnüşli we gyrymsy ösümlik görnüşine bölýärler.

Limon tutuşlygyna diýen ýaly suwdan ybarat bolup, düzümi adam bedenine peýdaly bolan maddalara baýdyr. Limonda askorbin kislotasynyň 0,085%-ine çenli mukdary hem-de A, E, D, P we B witaminleri bardyr. Mundan başga-da, onuň düzüminde demir, mis, kaliý, kalsiý, natriý, fosfor, sink, bor, flawonoidler, fitonsidler, glikozidler we pektin bar.

Iki nahar çemçesi limon suwy adamyň gündelik C witamine bolan isleginiň ýarysyny kanagatlandyryp biler, bu bolsa öz gezeginde immunitet ulgamyny güýçlendirýär, bedeni dürli wiruslardan hem bakteriýalardan goraýar, ýaranyň bejergisini çaltlandyrýar, garramagy haýalladýar, toksinlerden arassalaýar, gormonlaryň sintezine gatnaşýar we gan basyşy peseldýär. Şeýle hem limon ýadawlygy we ukusyzlygy aýyrýar, ýürek bulanma bilen göreşýär, witamin we mineral ýetmezçiliginiň ornuny doldurýar.

Limon gabygynda efir ýaglary, iýmit süýümi, kalsiý, demir, magniý, fosfor, kaliý, sink, natriý, mis, selen, C witamini, tiamin, riboflawin, niasin, pantoten kislotasy, A we E witaminleri bar. Onuň şeýle baý düzümi ýüregiň, süňkleriň ýagdaýyny gowulandyrýar, şeýle hem agyz boşlugy we iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdalydyr. Meşhur orta asyr lukmany Ibn Sina hem limonyň ýürek keselleri üçin iň oňat dermandygyny belläp geçipdir.

Ýyly suw bilen garylan limon suwy bokurdak agyrylary, bronhial demgysma, üsgülewük üçin ýaramlydyr.

Limon esasly taýýarlanan ideg önümleri derini ýaşardýar we witaminler bilen doldurýar.

Adaty otag temperaturasynda limon iki hepdä çenli saklanyp bilner. Sowadyjyda saklanyş möhleti iki aýa çenli ýetýär, limony gök önümler we miweler bilen ýerleşdirmek has gowudyr.

Türkmenistanyň aram gurak kontinental klimaty sebäpli, limon ýörite ýyladyşhanalarda ýaramly howa şertleriniň döredilmegi esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzda limon agajy köpçülikleýin hem-de aýry-aýry hojalyklaryň öz mellek ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär we bazarlara çykarylýar, halkymyza ýetirilýär.

 

Aziz ROZUMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welayat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

01 Awgust 2025 | 43 okalan

TURŞY, ÝÖNE PEÝDALY MIWE