Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň birinji ýyl talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinde önümçilik tejribesini geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Tejribe talyplara ýurdumyzda ýaşlar bilen işlemek boýunça alnyp barylýan çäreler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler ýaş nesli watansöýüjilik we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemäge, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, zehinleriniň hem-de başarnyklarynyň açylmagy, zähmete bolan söýginiň terbiýelenmegi, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy we jemgyýetçilik guramalaryň işine gatnaşmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bu wezipeler «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulandyr.
Halypalar giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalaryna hem-de birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän täze nesil hünärmenleriň kemala gelmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Önümçilik tejribesiniň çäklerinde talyplar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanylan teleýaýlym gepleşiklerine gatnaşdylar.
turkmenistan.gov.tm