Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi guramagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Arzuw” çagalar dynç we sagaldyş alyş merkezinde dynç alýan gyzjagazlaryň arasynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly el işi boýunça bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda gyzjagazlar alaja örmek, aldymgaç kakmak, jorap örmek we keşde çekmek ýaly halk senetlerine degişli işler boýunça bäsleşdiler. Oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Soňra bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyňBalkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.