TÜRKMEN WEKILIÝETI GERMANIÝADA SAPARDA BOLÝAR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekillerinden ybarat topar Germaniýa Federatiw Respublikasynda tanyşlyk iş saparynda bolýar. 23-nji iýunda başlanyp, 28-nji iýuna çenli dowam etjek bu tanyşlyk iş sapary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly taslamanyň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän habara görä, tanyşlyk iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropanyň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Şu jähtden ugur alyp, bu iş saparynyň esasy maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek, türkmen we nemes taraplarynyň arasynda ylym-bilim babatda tejribe alyşmaga ýardam etmekden ybaratdyr. Has takygy, iş saparynyň çäginde ylmy barlaglar babatda tejribe we bilim alyşmak maksady bilen, Germaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri, ýagny Klaustal tehniki uniwersiteti we Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersiteti bilen geljekki özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşylar.

Iş saparyň birinji gününde türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň (Auswärtiges Amt) wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş bilen baglylykda, Germaniýanyň halkara energetika hyzmatdaşlyk strategiýalary hem-de bu ugurda, özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiligine ähmiýet bermek, energiýa tygşytlaýyş çärelerini durmuşa geçirmek, energetika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrmak we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýanyň Ykdysady gatnaşyklar we Howanyň üýtgemegi boýunça hereketler federal ministrliginiň (Bundesministerium für Wirtschaft und Klimaschutz) wekili bilen duşuşyk geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti gaýtadan dikeldilýän energiýa ugurlary bilen baglanyşykly Germaniýanyň ýokary bilim syýasatyny, energetika we daşky gurşaw tehnologiýalary boýunça ylmy-barlaglary maliýeleşdirmek mehanizmlerini hem-de akademiki alyş-çalyş maksatnamalarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Germaniýanyň Ylym, tehnologiýa we kosmos boýunça federal ministrliginde (Bundesministerium für Forschung, Technologie und Raumfahrt – BMFTR) duşuşyk geçirdi. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş sapary dowam edýär.

turkmenportal