SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

Golaýda “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 49-njy bendini durmuşa geçirmek, ýaş nesliň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramagynda şäheriň 24-nji çagalar bakja-bagynda «Sport — saglygyň girewidir» ady bilen sport çäresi geçirildi.

Ýaryş gyzgalaňly we çekeleşikli geçip, çagalar öz aralarynda erjellik bilen bäsleşip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Sport bäsleşigine işjeň gatnaşan we ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI