Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramagynda serhetçi esgerleriň arasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler» diýen çuň manyly jümlesinden ugur alnyp täsirli gürrüň edildi. Çykyşlarda Watan mertebesini, Watan topragynyň mukaddesligini, ony goramagyň, gözümiziň göreji deý ezizläp saklamagyň nesilleriň borjydygy barada aýdylyp, esgerlere watansöýüjilik bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler berildi.
Duşuşyga gatnaşanlar Watan goragçylaryna döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.