Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ylym — ösüşlere binýat» ady bilen geçirilen söhbetdeşlik Ylymlar gününe bagyşlandy.
Welaýat kitaphanasynda bolan söhbetdeşlige ýaşlaryň uly topary işjeň gatnaşmak bilen, hormatly Prezidentimiziň berkarar Watanymyzda ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmek we kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak ugrunda alyp barýan guwandyryjy işleri dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Onuň barşynda ýaşlaryň bilimli, ylymly, hünärli bolmagy we Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşmagy babatda döredilýän şertlerdir mümkinçilikleriň ähmiýeti bellendi.
Täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmekde we ýaşlary belent sepgitlere ruhlandyrmakda buýsanja mynasyp işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Mesgengylyç NURGYLYJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.