Şygary – ynanyşmak, parahatlyk – sesleri,
Ata Watan dünýäde dost-doganlyk mesgeni,
Ýüreklermiz hyjuwly, buýsanç gaplaýar seri,
Saýasynda ak daňa gowuşdy bagtly iller
Türkmenistan: ÝUNESKO – Diýardan ýaýran ýollar.
Galamlary oýnadyp, joşgun berýär zybana ,
Arkadag saýasynda rowaçlanýar zamana,
Her günümiz toý-baýram, dünýä gelýär salama,
Dost-dogana açykdyr bagta uzaýan ýollar,
Türkmenistan: ÝUNESKO – Diýardan ýaýran ýollar.
“Dizaýn” ugry bilen öňe barýar Aşgabat,
Sahawat nury bilen döwlet abat, il abat,
Arkadagly Serdarly günler bagta dowamat,
Bagtyýar zamananyň waspyn äleme doldy:r
Türkmenistan: ÝUNESKO – Diýardan ýaýran ýollar.
Sanawynda ÝUNESKO-ň milli-medeni miras,
Ynamyň ganatynda ylham joşgunyn alýas,
Agzybirlik atynda köňüller edýär telwas,
Halklary bir-birege jebisleşdirýän ýollar –
Türkmenistan: ÝUNESKO – Diýardan ýaýran ýollar.
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
“Parahatçylyk dilleri” ÝUNESKO klubynyň we
TMÝG-niň işjeň agzasy.