WATAN — KÖŇÜL KELAMYM

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Watan — köňül kelamym” atly goşgy ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döredijilik çäreleri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda geçirilýän çäreleriň özenini düzýär. Çünki medeniýet ulgamy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň durmuşa geçirilmeginde, deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde uly orun eýeleýär. Her ýylda medeniýet we sungat ussatlaryny bir ýere jemleýän şeýle ajaýyp baýramçylygyň 1 hepdeläp dowam etmegi ýurdumyzda medeniýete, sungata, edebiýata, döredijilige goýulan uly sarpadan nyşan bolup durýar.

Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly, döredijilik we kompozisiýa çykyşlary çäräniň şowhunyny artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan, medeniýet, sungat we döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WATAN — KÖŇÜL KELAMYM

23 Iýun 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI