GALLALY IL –GALKYNAN IL

Golaýda Lebap topragymyzyň Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň gallaly meýdanynda etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda gallaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen “Gallaly il –Galkynan il” ady bilen aýdym-sazly dynç alyş dabarasy geçirildi. Dabarada etrabymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň oba zähmetkeşlerini şeýle hem Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi wasp edip aýdyp beren şirin aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da belende galdyrdy. Türkmeniň milli däp-dessurlaryny wasp edýän sergiler bolsa dabara gatnaşyjylarda uly täsirler galdyrdy.

Nursoltan MAKSUDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 5 okalan

TÜRKMENISTAN – DOST-DOGANLYK MEKANY

13 Awgust 2025 | 4 okalan

“MAŞGALAM-BAŞ GALAM”

12 Awgust 2025 | 150 okalan

MAŞGALAM-BAŞ GALAM