Golaýda Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Gurban baýramy mynasybetli Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada welaýatymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, talyp ýaşlaryň uly ruhubelentlik bilen gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dürli röwüşde bezelen meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlara tomaşa edildi. Ata Watanyň, ene topragyň, bagtyýar zamanamyzyň waspy çärede ýaňlanan şirin aýdymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar il-günümiz üçin uly aladalary edýän, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, milli baýramçylyklarymyzyň giňden bellenilmegine şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Kakajan TÄÇGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň kätibi.