BIZ WATAN BALASY, BAGTYŇ LÄLESI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz şäheriniň 12-nji çagalar bagynyň çagalarynyň gatnaşmagynda, çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmek maksady bilen «Biz watan balasy, bagtyň lälesi» atly şygar astynda şadyýan bäsleşigini geçirdi. Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige iki topar gatnaşyp, toparlar bu bäsleşikde özleriniň sporta bolan höwesini açyp görkezmäni başardylar. Bäsleşik diýseň gyzykly we şadyýan geçdi. Bäsleşikde ýeňiji bolan topara hem-de işjeň gatnaşan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çynar MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 291 okalan

ÇAGALAR BAGYNDAKY ŞADYÝANLYK

24 Iýun 2025 | 263 okalan

EDEBI AGŞAM GEÇIRILDI