AZYK BOLÇULYGY-RYSGAL BEREKEDIŇ ÇEŞMESI

Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň miweli bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda ýaş bagbanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen «Azyk bolçulygy – rysgal berekediň çeşmesi» atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaş bagbanlar işjeň gatnaşdylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri özleriniň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar Watanymyzda obasenagat toplumyny özgertmek boýunça alyp barýan syýasaty innowasion esasda, sanly ulgam arkaly ýerden bol hasyl almaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge, daşary döwletlerden getirilýän önümleriň öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ornuny çalyşmaga hem-de eksport mümkinçilikligini  ýokarlandyrmaga, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal-ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak barada alyp barýan syýasatlaryny wagyz etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda bolsa bagbanlara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Güljan DÖWRANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 273 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 261 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1302 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR