WATAN GORAGY MUKADDESDIR

Ýakynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň 11204 harby bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabynyň 11204 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda «Watan goragy mukaddesdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Gülşirin Hydyrowa, 11204 harby bölüminiň harby gullukçysy, Ilkinji Ýaşlar Guramasynyň başlygy Sona Esenmämmedowa özleriniň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň asudalygyny gorap, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrynda alnyp barylýan tutumly işleri barada giňişleýin belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle eşretli bagtyýar durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 273 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 261 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1302 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR