SPORT KÄMILLIGE BADALGA

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 2-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi hem-de bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda ýaşlary sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen sportuň futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.

Her ýylyň iýun aýynda bellenilip geçirilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çärelerini guramak, okuwçy ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sportuň futbol görnüşine bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen guralan sport ýaryşyna etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglanlardan düzülen toparlar gatnaşdy.

Ýetginjekleriň arasynda geçirilen sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryşa jemi alty topar gatnaşyp, aýlaw görnüşinde ýaryşdylar.

Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi boýunça ýeňiji bolan ýaş höwesjeň türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.

Ergeş ABDYRAHMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

 

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 273 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 263 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

14 Iýul 2025 | 1302 okalan

WATAN GORAGY MUKADDESDIR