HALKARA MASLAHATYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Boao Aziýa Forumynyň Sekretariatynyň guramagynda Halkara Ýaş Öňbaşçylar maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Aziýa ýurtlarynyň ýaş wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekili hem gatnaşýar. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, türkmen ýaşlarynyň halkara syýasata düşünmegi, Watana wepaly kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçiliklerden nyşandyr.

Maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň tanyşlygyndan soňra Forumyň Baş Sekretary Çžan Szýu çykyş etdi. Jenap Sekretar öz çykyşynda çärä gatnaşyjylara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirip, halkara hyzmatdaşlygy has-da ilerletmekde ýaşlara aýratyn orun degişli bolup durýandygy barada aýratyn belledi. Çykyşdan soňra çärä gatnaşyjylaryň özara pikir alyşmasyna giň orun berildi. Pikir alyşmada hususan-da, emeli aň, ylmy we tehnologiki innowasiýalar dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Aziýa sebitiniň dürli ýurtlarynyň ýaşlaryny bir meýdança jemlän bu halkara maslahat iýun aýynyň 8-ne çenli dowam eder.

Begenç HALNEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 52 okalan

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

03 Iýun 2025 | 79 okalan

SAGDYNLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BAÝRAMY