SPORT — KÄMILLIGE BADALGA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 3-nji çagalar bagynda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Sport — kämillige badalga” ady bilen mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalarynyň gatnaşmagynda sport ýaryşy geçirildi.

Ýaryşda körpeler bellenen aralykda ylgamak boýunça öz aralarynda bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda çagalar özleriniň güýç-kuwwatlaryny, beden taýdan sagdynlygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzgalaňly hem çekeleşikli geçen ýaryş ýeňijileri öňe saýlady.

Sport ýaryşynyň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar çagalar özleriniň bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýgül DODYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar