BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI — SAGDYNLYGYŇ, SAZLAŞYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

Her ýylyň 3-nji iýuny dünýä bileleşigi tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenilýär. 2018-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi bilen bu baýramçylyk senesi döredildi. Şu günki güne çenli dünýäniň onlarça döwleti bu başlangyja gol goşup, ony goldaýandygyny nobatdaky gezek beýan etdiler. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki işjeň ornunyň we halkara jemgyýetçilige edýän täsiriniň aýdyň subutnamasydyr.

Welosiped adamzat tarapyndan döredilen iň ýönekeý, elýeterli we peýdaly ulag serişdeleriniň biridir. Iki tigirli, pedal bilen hereket edýän bu ulag serişdesi diňe bir gatnaw we dynç alyş üçin amatly bolman, eýsem, jemgyýetiň sagdyn durmuş ýörelgelerine geçmeginde möhüm rol oýnaýar. Şol sebäpli hem welosiped häzirki wagtda diňe bir fiziki işjeňligi goldaýan serişde däl-de, eýsem, ekologik taýdan arassa, ykdysady taýdan tygşytly we jemgyýetçilik saglygyny goramaga gönükdirilen köpugurly çözgüt hökmünde ykrar edilýär.

Lukmançylyk gözleglerine görä, yzygiderli welosiped sürýän adamlarda ýürek-damar keselleriniň, süýjüli diabetiň, ýokary gan basyşynyň we başga-da birnäçe keselleriň ýüze çykma ähtimallygy pes bolýar. Mundan başga-da, welosiped sürmek dem alyş ulgamyny gowulandyrýar, bedeniň myşsalaryny güýçlendirýär, immuniteti ýokarlandyrýar we adamda fiziki hem ruhy rahatlyk döredýär.

Türkmenistanda welosiped sporty döwlet derejesinde giň goldawa eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Welosiped sporty boýunça halkara derejesindäki çäreleriň geçirilmegi, dünýä rekordlarynyň goýulmagy, täze sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaşlaryň arasynda welosiped sportuny wagyz etmek, tebigaty goramak bilen baglanyşykly terbiýe bermek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 52 okalan

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

03 Iýun 2025 | 79 okalan

SAGDYNLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BAÝRAMY