ÇAGALARYŇ GÜLKISI, ŞATLYGYŇ SESI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat häkimligi bilen bilelikde Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalaryň gülkisi, şatlygyň sesi» atly aýdym-sazly dabara baýramçylyk sergisi geçirildi.

Çagalaryň tomusky lybaslarynyň modasynyň görkeziliş dabarasy baýramçylyga gatnaşanlarda öz boluşly täsirleri galdyrdy. Dabaralar merkeziniň zaly baýramçylyk lybasyna beslenip, bagtyýar körpelerimiziň ajaýyp aýdymlarydyr owadan tanslary hem-de tomusky möwsümiň lybaslarynyň görkeziliş dabarasy bilen has-da uly şatlyk-şowhuna beslendi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar çagalar welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Wepa ESENOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Iýul 2025 | 268 okalan

PARAHAT ÝURDUŇ BAGTLY PERZENTLERI

14 Iýul 2025 | 266 okalan

DILLERDE DESSAN WATANYM

14 Iýul 2025 | 262 okalan

KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN