Düýn 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli, Lebap welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada «Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanyp aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar, mugallymlar, baş bilim müdirliginiň jogapkär işgärleri, mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatymyzyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdylar.
Dabarada Hormatly Prezidentimiziň bilim işgärlerine, mugallymlara, mekdep uçurymlaryna iberen gutlagy okaldy hem-de döwlet we halkara derejesindäki ders bäsleşiklerine, sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan uçurymlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Uçurymlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli taýýarlan baýramçylyk çykyşlary dabara gatnaşmaga gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşan myhmanlar durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlara özleriniň süýji arzuwlaryny çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar şu güni we röwşen geljegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aziz ROZMURADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.