GYZGALAŇLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň Mary welaýatynyň PM-niň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 610-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölümi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Baýramaly şäherindäki sport toplumynda etrabyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylaryndan düzülen toparlaryň arasynda «Ýaş ýangyn söndürijiler» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar ýangyn söndürmek boýunça hereketleri dogry we tiz wagtda ýerine ýetirip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde etrabyň 10-njy orta mekdebiniň “Ussat” topary 1-nji orna, 31-nji orta mekdebiniň “Erjel” topary 2-nji orna, 29-njy orta mekdebiniň “Gaýduwsyz” topary 3-nji orna mynasyp boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar ýaşlar döwrebap bilim almaga, ylym öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Oraz ANNAÝAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar