ÇAGALAR – DURMUŞYMYZYŇ NURANA GÜLI

Ýakynda Baýramaly etrap häkimliginiň, etrap, şäher jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň mejlisler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar hem-de ýaşulular gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň başlygy Hojamyrat Akmyradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, Baýramaly şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Akjagül Babakulyýewa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn bolmagy, bagtyýar durmuşda bilim almagy ugrunda çäksiz aladalaryň edilýändigi, gazna tarapyndan paýtagtymyzyň we welaýatlaryň hassahanalarynda dürli operasiýalaryň geçirilip, sagaldyş-dikeldiş işleriniň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, maslahatyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň röwşen geljegi, durmuşymyzyň nurana güli bolan bagtyýar çagalar hakynda edýän çäksiz aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Azat MUHIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar