MILLILIK — NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

Ýakynda ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda gadymdan gelýän milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-kadalarymyzy, ruhy, medeni, milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, olaryň ruhy taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, Wekilbazar etrabynyň 17-nji orta mekdebinde «Millilik — nesil terbiýesiniň özeni» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň etrap Geňeşiniň hünärmenleri we mekdebiň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen halkynyň milliligi, salamlaşmak edebi, maşgala mukaddesligi, zenan sarpasy, özüňi jemgyýetçilik ýerinde alyp barmagyň tertibi dogrusynda gürrüň edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeni gymmatlyklarymyzy, türkmen halkynyň ruhy mirasyny toplamak, ýitip gitmeginiň öňüni almak, olary geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hajar GARRYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar