Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda maldarçylygy ösdürmekde birnäçe netijeli işler alnyp barylýar. Çopançylyk, çarwaçylyk ýoluna uly üns berilmegi bilen baglylykda ýurdumyzda arwana düýeleriň baş sany artdyrylýar. Türkmenistan Diýarymyz arwana düýeleriñ iñ köp ýaýran mekanydyr. Türkmen düýesi akylly häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
Garagum çölüni düýesiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmenlerde düýe çopanyna “sarwan” diýilýär. Düýe yssy howada on güne çenli suwsuz oňup bilýär. Arwana suw bardygyny uzak aralykdan hem duýup bilýändir. Tomsuň yssysynda suwsuzlyga çydamlylygynyñ esasy sebäbiniñ biri, onuň örküjinde ýagyň köp toplanýandygydyr.
Türkmen arwanasynyň ýüňi, süýdi ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Onuň süýtliligi hem beýleki tohumlardan iki esse ýokarydyr. Düýe çaly suwsuzlygyňy gandyrýan içgi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli keselleriň hem dermanydyr. Düýäniň süýdi we agarany hem dürli keselleri bejermekde gymmatly derman hasaplanylýar.
Türkmenler düýäni ulag hökmünde irki döwürlerde ulanyp başlapdyrlar. Beýik ýüpek ýolunyñ ýeke-täk ulagynyň düýeler bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Düýe maly — dünýe maly» diýlişi ýaly, düýäniň eýesine wepalylygyna haýran galaýmaly. Çarwa obalarynda düýe bakmak ýaly asylly kär bilen meşgullanýan döwletli çopanlaryň ençemesi bar.
Bu ugurda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary,
Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy.