Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 40-njy orta mekdebinde ýaş nesillerde watançylyk, ahlaklylyk, dogruçyllyk, ululara hormat goýmak ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen okuwçylaryň arasynda «Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladalaryň çäksizdigi, ýaşlaryň ahlakly, watansöýüji, bilimli, edep-ekramly bolup ýetişmegi ugrunda ençeme işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Watan mukaddesliginiň ähli zatdan ileri tutulýandygyny aýratyn belläp, dürli rowaýatlary mysal getirdiler.
Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulnur BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary etrap
Geňeşiniň uly buhgalteri.