Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda «Milliligim, däp-dessurym — ösüşlere ganatym» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda milligimizi, el işlerimizi, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu dabara, mährem eneler, mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Aýdym-sazly dabarada talyp gyzlar sungat ussatlary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar döwletimizi, bagtyýar ýaşlygy we dost-doganlygy wasp edýän aýdymlary, läleleri, öleňleri, goşgulary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, talyp gyzlar mährem enelerden milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen milli nagyşlarynyň, keşdeleriniň dogry çekilişini, türkmeniň buýsanjy bolan el halylarynyň dokalyşyny içgin öwrendiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Humaý AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.