Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, etrabyň 1-nji çagalar bakja-bagy bilen bilelikde guramagynda bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň arasynda «Baharyň al-elwan gülleri» ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.
Çagalaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olarda ata Watanymyza, gözel tebigatymyza çuňňur söýgini kemala getirmek maksady bilen geçirilen ýaryş gyzykly we şowhunly geçdi. Bäsleşikde körpeler bahar paslynyň gelmegi bilen owadan sähralarymyzda, gözel ýaýlalarymyzda parç bolan gül-gülälekleriň suratlaryny uly höwes bilen çekdiler. Ýaşajyk körpeleriň döreden suratlary olaryň heniz çagadygyna garamazdan, şekillendiriş sungatyna bolan yhlaslarynyň ýokarydygyny görkezdi. Bäsleşige gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzda çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Gülüstan NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.