EL HÜNÄRI — IL GEZER

Ýakynda Tagtabazar etrabynyň 3-nji orta mekdebinde 11-nji synp okuwçylaryň arasynda “El hünäri — il gezer” atly bäsleşik geçirildi. Mekdebiň sergi zalynda ýokary synp okuwçylaryň taýýarlan eskizleri, maketleri, ýaş nahallaryň, ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän azyklyk önümleriniň, balyklaryň, guşlaryň, sowgatlyk ter gülleriň, ekologiýa taýdan arassa önümleriň görnüşleri görkezildi.

“Galkynyş”, “Ruhubelent”, “Gaýratly” atly toparlaryň oglan-gyzlary elde ýasan işleri bilen özara bäsleşdiler. Gyzykly geçen mekdebiň 11-nji “A” hem-de “B” synplarynyň toparlary 1-nji, 11-nji “Ç” hem-de “D” synplarynyň toparlary 2-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar dürli hünärleri ele almaga, ylym öwrenmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňMary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar