Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň şäher Geňeşiniň Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde guramagynda 7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde «Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Mähri Saparowa, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň buhgalteri, IÝG-niň başlygy Azat Çaryýew hem-de merkeziň kabul ediş bölüminiň arassaçylyk uýasy, TMÝG-niň işjeň agzasy Mähriban Gurbanowa dagylar çykyş edip, olar saglygyň adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýandygy, enäniň we çaganyň saglygy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilip, amatly şertleriň döredilýändigi, ýurdumyzyň saglyk ulgamynda uly ösüşlere eýe bolunýandygy, her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny berkitmekde, ömür dowamlylygyny uzaltmakda, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Mähri SAPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.