Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň kämilligini görkezýän gymmatlyklardyr» atly aýdym-sazly brifing geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň, Mary welaýatynyň saglygy goraýyş müdirliginiň, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri hem-de Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri barada birnäçe çykyşlar edildi. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paasatly ýolbaşçylygynda gazanylan ösüşleri wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maksat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.