Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda şäheriň 9-njy orta mekdebiniň ülkäni öwreniş muzeýine «Milli miras — terbiýäniň özeni» atly gezelenç duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Aýsona Geldimyradowa hem-de 9-njy orta mekdebiniň müdiri Mähri Çaryýewa dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda türkmen halkynyň ilkinji şaý-sepleri balykgulaklardan we olaryň döwüklerinden ýönekeýje gulakhalkalary, monjuklary, temençeleri ýasap başlandyklary, zergärleriň monjuklara göz şekilinde gaş goýup, olary göz-dilden gorasyn diýen ynanç bilen çagalara dakandyklary hakynda gyzykly gürrüňler berildi. Şeýle hem, halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeleriň, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslaryň hiç wagt bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklardygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler!
Serdar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.