Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrabyň 10-njy orta mekdebiniň hem-de Wekilbazar etrap merkezi kitaphanasynyň Mollanepes geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany we zähmete söýgini döretmek maksady bilen, «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, 10-njy orta mekdebiň mugallymy we ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Ogulbagt Gylyjowa, etrabyň merkezi kitaphanasynyň Mollanepes geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Mähri Annaýewa, etrabyň Mollanepes adyndaky geňeşliginiň Gara oba medeniýet öýüniň medeni köpçülikleýin çäreleriniň guramaçysy Aýna Çüliýewa dagylar çykyş etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri merdana pederlerimiziň terbiýeçilik mekdebiniň esasynda, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ruhunda terbiýelemekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Döwlet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.