ON BARMAGYŇ HÜNÄRI

Golaýda ýaş gyzlarymyza ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň inçe syrlaryny öwretmek, olarda zähmetsöýerligi kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda «On barmagyň hünäri» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Enebaý Hommadowanyň döwletli maşgalasynda bolup, oňa TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmenleri, okuwçy gyzlar we oba zenanlary gatnaşdylar.

Kümüş saçly ene Enebaý Hommadowa çagalyk döwründen bäri el işleri bilen meşgullanýandygy, özüniň bejeren ýakalarydyr kürteleri bilen bagtyýar gyz-gelinlerimiziň toý günlerine şaýat bolýandygy, milli senedimiziň ençeme nusgalary bilen ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Eli çeper enäniň nagyşlaryň döreýiş taryhy, olaryň gelip çykyşy barada gürrüň beren rowaýatlary ýaşlar üçin has-da täsirli boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sähra UMMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar