Golaýda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 11-nji orta mekdebinde okuwçylaryň gatnaşmagynda ýaşlary kitaphanalara çekmek maksady bilen, «Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Gyzykly geçen söhbetdeşlik duşuşygynda ýaşlary kitaphanalara çekmekde, olarda kitaba bolan höwesi döretmekde hem-de kitaphana medeniýetini wagyz etmekde alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň edildi.
Täsirli geçen çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döwrebap bilim almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Parahat HAŞYMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.