Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrabyň häkimligi, hassahanasy, prokuraturasy hem-de polisiýa bölümi bilen bilelikde, etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň müdirleriniň gatnaşmagynda “Saglygym – baş baýlygym” atly wagyz-nesihat duşuşygyny gurady.
Gyzykly geçen wagyz – nesihatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde esasy orunda durýan ýaş nesil hakyndaky çuň aladalar, döredilýän şert-mümkinçilikler, ýurdumyzda hereket edýän Kanunlar we olardan gelip çykýan wezipeler, barada gyzykly gürrüňler etdiler.
Şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgeleri, üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaş nesilleri halallyga uýýan, mert-merdana, il-halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we buýsanýan ruhdaky ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýol-ulag hereketiniň kadalary, terbiýeçilik işiniň ähmiýeti we onuň berýän netijeleri, ynsanperwer ýörelgeler, ýaşlaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşýan uly goşantlary dogrusynda giňişleýin bellediler.
Duşuşyk özüniň täsirliligi bilen tapawutlanyp onuň ahyrynda Berkararlygy, Bagtyýarlygy peşgeş berip, halkymyzy bagtly durmuşda ýaşamaga, okamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
.
Şeker HAÝTANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.