Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 10-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda «Sagdyn nesil – röwşen geljegiň kepili» atly sportuň küşt görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikde okuwçylar öz ukyp-başarnygyny görkezdiler. Gyzgalaňly ýagdaýda geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesillerimiz barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Aknur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Tagtabazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.