BIZ SPORTY SÖÝÝÄRIS

Ýakynda TMÝG-niň Garagum etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 5-nji çagalar bakja-bagynda ýaş nesilleriň ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen “Biz sporty söýýäris” atly sport bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde körpeler bellenilen şertler boýunça öz aralarynda ýaryşdylar. Olar dürli maşklary, oýunlary ýerine ýetirip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny aýan etdiler. Çagalaryň arasynda guralan bäsleşik diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşamaga, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Hojaberdi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň hojalyk işleri boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 39 okalan

GADYMY TARYHYM — HAZYNA-GENJIM

20 Noýabr 2025 | 43 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

18 Noýabr 2025 | 61 okalan

TEBIGAT WE BIZ