Golaýda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky 47-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Gadymy taryhym – hazyna genjim» atly gezelenç guraldy.
Mekdep muzeýinde guralan gezelençde mugallymlar täsirli gürrüňler etdiler. Olar okuwçylara bu ýerde ýerleşdirlen gadymy eksponatlar barada içgin gürrüň berdiler. Munuň bilen birlikde tymsallardyr rowaýatlary, hekaýalary hem aýtdylar. Bu bolsa, ösüp gelýän ýaşlaryň geçmiş taryhymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan dünýägaraýşyny has-da giňeltdi. Bu gezelenç okuwçylar üçin has täsirli hem gyzykly boldy.
Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň milli mirasyny, taryhyny we medeni ýadygärliklerini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Aýgül DODYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.